Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlanmagyna uly üns berilýär. Talyp ýaşlarymyzyň bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, maksadaokgunly we zähmetsöýer bolup ýetişmekleri hem-de häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan gowy baş çykarmaklary üçin uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda döwrüň talaby ýokary bilimli ökde hünärmenleri taýýarlamakdan ybarat. Şahsyýetiň giň dünýägaraýyşly bolup ösmeginde ylmy işlerden baş çykarmagy möhümdir. Kompýuter sowatlylygy şahsyýetiň düşünjesiniň aýratynlyklaryny şertlendirýär. Bu sowatlylyk şahsyýetde başarjaňlygy, işjeňligi, tutanýerliligi we giň dünýägaraýşy kemala getirýär.
Kompýuter sowatlylygynyň esasy maksady şahsyýetde bilimi kämilleşdirmekden, bilimleriň esaslaryny öwrenmekden we öwretmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda bilimi kämilleşdirmekde dürli usullardan peýdalanylýar. Şahsyýetiň şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutup öwretmek esasy ugurdyr. Şahsyýetiň aň-düşünjesiniň kemala gelmeginde onuň bilimini, başarjaňlygyny ösdürmek zerurdyr. Bu bolsa bilim bermegiň bir usulydyr. Bilimi özbaşdak almagyň başarnyklaryny, täze meseleleri kesgitlemek we çözmek, alternatiw çözüwleri teklip etmek we olara düşünmek bolsa kompýuter sowatlylygynyň esasynda amala aşyrylýar.