Gadymdan gelýän halypa-şägirtlik ýoly

18 Fewral 2021
2215

Halypa äpet bir daragta, şägirt onuň miwesine meňzedilýär. Halkymyzda «miweli daragt» düşünjesi, ilkinji nobatda, şägirt ýetişdirip bilýän halypalar hakynda söz açylanda has köp ýatlanylýar. Sebäbi, halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir. Her bir ynsan halypa görmezdenem, belli bir ýoly külterläp biler, emma halypalar has uzak menzillere ýetmäge güýç-gaýrat, ynam berip bilýän ynsanlardyr. Özbaşyna alty aýda geçjek ýoluny halypaly adam bir aýda geçip bilýär. Uzak ýyllaryň dowamynda munuň netijeli ugurdygyna göz ýetiren pederlerimiz halypa-şägirtlik ýoluny ýörelge derejesine çykarypdyrlar. Haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, halypa öz ugrunyň alymy hasaplanýar. Taryhdaky alym-akyldarlarymyz hem şeýle menzili — halypa-şägirtlik ýoluny geçen beýik ynsanlardyr.

Türkmen alymlary diňe bir Gündogar ylmyna däl, eýsem dünýä ylmyna saldamly goşant goşan halklaryň biri diýsek, tüýs ýerine düşer. Orta asyrlarda Türkmen döwletleriniň hökümdarlarydyr soltanlarynyň ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmäge uly goşant goşandyklary barada çeşmelerde giňden beýan edilýär.

Kakajan JANBEKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar