«GARAŞSYZ ÝURDUMYZYŇ BAGTYÝARLYK DÖWRI KÖŇLE YLHAM BERÝÄR, JOŞDURÝAR GÖWNI»
Hormatly Prezidentimiziň adyl syýasatyny, oňyn başlangyçlaryny, ýurdumyzda amala aşyrylýan işleri, gazanylýan ösüşleri, şanly wakalary, seneleri dabaralandyrýan, ata Watanymyzyň ösüşine guwanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň döredijiligine mynasyp baha bermek, täze üstünliklere ruhlandyrmak hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda toýlanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde welaýatymyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Garaşsyz ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwri köňle ylham berýär, joşdurýar göwni» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.