Sanly ulgamyň kanuny esaslary

17 Fewral 2021
1659

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek we ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň martyndan elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunda elektron söwda diýlip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan uzaklykdan satmak arkaly amal edilýän söwdanyň görnüşine düşünilýändigi görkezilýär. Şeýle hem elektron söwda, satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, karz bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynanç haty esasynda dolandyrylmagy, bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklaryň we borçlaryň edinilmegi we amala aşyrylmagynyň degişlidigi barada görkezilendir.

Söwda işiniň onlaýn tertipde alnyp barylmagy hem-de alyjylar üçin internet-dükanlarynyň döredilmegi haryt dolanyşygynyň sazlaşyklylygyny we üznüksizligini üpjün etmäge, sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin hyrydarlygy öwrenmäge, hyzmatlaryň edilişini döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär. Soňky wagtda internet-dükanlaryň we olardan peýdalanyjylaryň sany barha artýar. Muny internet tory elýeterli bolan islendik ýerde we islendik wagtda harytlary deňeşdirip, erkin saýlamak we sargyt etmek mümkinçiligi bilen düşündirmek bolar. Elektron söwda satyjynyň we alyjynyň arasynda göni aragatnaşygyň bolmagyny üpjün edýär, wagt we nyrh taýdan amatlylygy bilen tapawutlanýar. Ulanyjylaryň internet toruna birikdirilmegi satyjylara öz harytlaryny mahabatlandyrmagy we ýaýratmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ulanyjylaryň internet toruna birikdirilmegi elektron usulda mahabat maglumatlaryny dessine ýaýratmak, satyjylaryň mahabatlandyrýan harydyna bolan gyzyklanmany artdyrmak hem-de ony bazarlarda öňe ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanda mahabat işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny we mahabaty öndürmegiň we ýaýratmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklar bolsa 2016-njy ýylyň martynda kabul edilen «Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirýär.

Jennet ARAZOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar