Türkmen selmeleginiň ýapraklarynyň jöwheriniň antibakterial täsirini kesgitlemek

17 Fewral 2021
2135

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, ilatyň saglygyny goramakda döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda raýatlary we bejeriş edaralaryny derman serişdeleri bilen doly derejede üpjün etmek hemişe iň möhüm wezipeleriň biridir. Häzirki döwürde amaly lukmançylykda Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikleri düýpli öwrenmek, olaryň çig mallaryndan täze derman serişdelerini taýýarlamak we rejeli peýdalanmak meselelerine düýpli seredilýär. Ýokarda aýdylanlara esaslanyp, türkmen selmeleginiň ýapraklaryndan taýýarlanan jöwheri bilen mikrobiologiki barlaglar geçirildi [3, 6].

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki neşirleriniň III jiltinde türkmen selmeleginiň (lat: mandragora turcomanica) biologiki häsiýetnamasy hemmetaraplaýyn beýan edilen. Türkmen selmelegi itüzümler maşgalasynyň, selmelekler urugynyň, boýy 20-40 sm ýetýän, ýapraklary rozetka görnüşinde, aşaky ýapraklarynyň uzynlygy 80 sm ýetýän, ýokarky ýapraklary gysgarak, olaryň diametri 160 sm ýetýän, baldaksyz, köpýyllyk ösümlikdir. Mandragora wajyp häsiýetleri özünde jemleýär: köpýyllylyk, sowuga çydamlylyk we dowamly wegetasion döwrüniň bolmagy. Şonuň üçin mandragorany seleksion iş üçin ulanýarlar. Ösümlik deňiz beýikliginden 800-1200 m-de, palçykly, daşly, günorta dag eteklerinde ösýär. Noýabr-aprel aýlarynda gülleýär, maý-iýul aýlarynda miweleýär. Günorta-Günbatar Köpetdagda duş gelýär. Türkmen mandragorasyny dermanlyk maksatlary üçin Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň ylmy-önümçilik synag merkezinde we Aşgabadyň botanika bagynda ekip ýetişdirilýär. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999, 2011) girizilen. Dermanlyk çig maly hökmünde köklerini ir baharda (mart) ýa-da güýzde (sentýabr), ýapraklaryny noýabr-aprel, miwelerini maý-iýun aýlarynda ýygnaýarlar. Gadymyýetden bäri bu ösümligiň dermanlyk häsiýetleri mälim bolupdyr. Selmelek ukyny tutdurýar, ukuçyllyk we göwnüçökgünlik ýagdaýyna getirýär. Onuň mundan başga-da, gusduryjy, agyrysyzlandyryjy, peşew çykaryjy (buşukdyryjy), gan duruzyjy täsiri bolup, ýiti göz agyryda, gaty çişlerde, iriňli başly ýaralarda, zäherli mör-möjekler çakanda ulanylypdyr. Ýapraklary gan öýen ýerlere, köki çyban çykan ýerlere, bogun agyryda yzaly ýerlere ýapylypdyr [1, 5].

Nargözel MYRATNAZAROWA, Mähri ANNABERDIÝEWA, Artyk KOKANOW, Nefisa ORAKAÝEWA, Nina SPIRIDONOWA, Güljan SARYÝEWA
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň mikrobiologiýa kafedrasy, TSG we DS ministrliginiň Derman ösümlikleri instituty
Beýleki habarlar