Meniň pikirimçe, şowsuzlyk üstünlige barýan ýoluň möhüm basgançagydyr. Şonuň üçin men ony özüme duşman däl-de, dost saýýaryn. Ýogsa-da, biz hakydamyza buýsançly möhür bolup basylýan şowlulyklaryň hökman şowsuzlyk bilen gabatlaşýandygyny bilýärmikäk?!
Men köplenç, özüme: «Şowsuzlykdan gorkýaňmy?! Işiň ugruna bolmazlygy, aslynda, şowsuzlykmy? Näme üçin, başa barmadyk işime ýaňadandan synanyşyp görmeli däl?! Aslynda, bu sowallaryň döremeginiň özi biziň üstünligiň ýodasyna düşdügimiz dälmikä?!” diýen ýaly sowallary berýärin .