Sagdyn durmuş ýörelgesi

16 Fewral 2021
1587

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty netijesinde bu gün ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ynsanyň saglygyny goramak, berkitmek babatynda hem uly işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berlen saglyk maksatly dürli binalar aýdyň şaýatlyk edýär.

Esasy Kanunymyz bolan, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipelerdir. Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar» diýip bellenilşi ýaly, asuda, parahat ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işler halkyň bähbidine gönükdirilendir.

Maksatmyrat MYRADOW,
Ahal welaýat adalat bölüminiň esasy maslahatçysy, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar