Sarpasy belent zenanlar

15 Fewral 2021
1147

Döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda ählitaraplaýyn ösüşini üpjün etmek babatynda amala aşyrylýan işler jemgyýetimiziň esasy bolan maşgalanyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak meselesini çözmäge, eneligi we çagalygy goramaga, sagdyn nesli kemala getirmäge berilýän ünsüň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.

Zenanlary mähek daşyna deňän pederlerimiz olary hemişe gorap gezipdirler, tutýan ornuna ýokary baha beripdirler. Häzirki wagtda hem ata-babalarymyzyň şol ýol-ýörelgelerine eýerilip, zenan maşgala mukaddes öý-ojagyň synmaz sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde garalýar. Maşgala binýadynyň berk bolmagynda, ýaş nesliň Watanymyzyň wepaly perzentleri bolup kemala gelmeginde zenanlaryň, eneleriň üstüne uly borç düşýär. Şeýle-de, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlerde, gazanylýan uly üstünliklerde hem zenanlaryň saldamly goşandy bardyr. Zenanlar jemgyýetimizde beýik işleri amala aşyrmakda kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olar ösüp gelýän ýaş nesillerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly belent duýgulary terbiýelemekde, jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi berkitmekde alnyp barylýan işlere hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň edep-terbiýäni wagyz etmekdäki işlerine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Geçirilýän jemgyýetçilik çärelerinde, bäsleşiklerde işjeňlik görkezýärler.

Dünýägözel SARJAÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 22-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar