Hoş sözlerde näçe gudrat, ýakym bar

15 Fewral 2021
1023

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň bilim alyp, hünär öwrenmegi, göwün söýen kärine eýe bolup, gül Watanyň has-da kuwwatlanmagyna öz goşandyny goşmagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Ösen jemgyýetiň medeniýeti ynsanyýetiň döreden ýokary gymmatlyklaryna daýanýar, milletiň däp-dessurlaryny, taryhy mirasyny goraýar. Ol jemgyýetde özara gatnaşyk, sözleşmek düzgünlerini hem kämilleşdirýär. Birek-birek bilen gürleşmek, gowy gatnaşykda bolmak, göräýmäge, ýönekeý zat ýaly bolup görünse-de, onuň dogry we netijeli bolmagy üçin ýokary medeniýet zerurdyr. Sözleýiş medeniýeti, hoşsözlülik hem ynsan gatnaşyklary jemgyýetiň ösüşi bilen aýakdaş gitmelidir.

Akyl-paýhas, sözleşmek, pikir alyşmak ynsany beýleki janly-jandarlardan tapawutlandyrýan esasy artykmaçlyk bolup, ony ýerlikli ulanmagy başarmak hemmeler üçin zerurdyr, şol bir wagtyň özünde-de, öwrenilmeli taraplary az bolmadyk sungat eseri ýaly bir zatdyr.

Gülüstan PORANOWA,
Serdar etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar