Durnukly ösüş — milli ykdysadyýetimiziň baş şerti

15 Fewral 2021
1147

12-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Wise-premýerleriň, birnäçe ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, şu ýyl üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ruhyýet köşgünde geçirilen mejlisde, ilki bilen, ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer çykyş edip, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň netijeleri barada hasabat berdi, jemi içerki önümiň 5,9 göterim artandygyny belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim artdy, ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly önümçilik görkezijileri gazanyldy. Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýany tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karary makullap, oňa gol çekdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar