Arassaçylyk — sagdynlygyň özeni

15 Fewral 2021
1055

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň sagdyn durmuşyny üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Saglygy goraýyş ulgamynda uly sepgitlere ýetildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygynyň tagallasyny edip, aýdyň geljege tarap öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligi has-da ýokarlandyryldy.

Kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Irdenki maşklary ýerine ýetirmek ulular bilen bir hatarda, çagalaryň hem ukudan we işdäsiniň açylmagyna günüň dowamynda şähdaçyk, işjeň bolmagyna getirýär. Eger-de çaga ýörite sport gurnaklaryna gatnamaýan bolsa, ýörite meýdançalarda ýa-da howluda dürli oýunlary oýnamak, ýüpde towusmak, halkalarda maşklary ýerine ýetirmek, woleýbol, futbol oýnamak, nahardan soň gezelenç etmek, tigir sürmek bilen meşgullanmak aýratyn möhümdir.

Güljan BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.
Beýleki habarlar