Döwrüň talaby

15 Fewral 2021
1406

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ylym-bilim ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de döwrebaplaşdyrmak işleri bilen bir hatarda, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini ýokarlandyrmak ugrunda tagallalar durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde daşary ýurt dilleriniň ýöriteleşdirilip öwredilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde okuw, ylym we bilim maksatly edaralaryň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmäge bolan isleglerini döwrebap mümkinçilikler esasynda düýpli ösdürmäge şert döredýär. Olaryň iň häzirki zaman tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilmegi ýaş öwrenijileriň kompýuter sowatlylygynyň, daşary ýurt dillerinde erkin gürlemek endikleriniň kämilleşmegine ýardam edýär.

Bägül NOBATOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar