Kanuny gatnaşyklar düzgünleşdirilýär

15 Fewral 2021
1125

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda her bir günümiz uly ösüşlere beslenýär. Kazyýet edaralarynyň işi adyl kazyýetligi amala aşyrmak bilen, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun tarapyndan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramaklyga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 18-nji maddasynda «Adamyň hukuklary hem azatlyklary eldegirmesizdir we olar adamyň elinden alnyp bilinmez. Konstitusiýada we kanunlarda görkezilen ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda adamy haýsydyr bir hukugyndan we azatlygyndan mahrum etmäge ýa-da hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmäge hiç kimiň haky ýokdur” diýlip kesgitlenendir.

Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Karary esasynda tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini mysal edip görkezmek bolar. Çünki, bu Kodeksiň 1-nji maddasynda şu Kodeksiň döwlet we raýat arasynda hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet önümçiliginiň tertibini, kazyýetde şol jedellere seretmegiň we çözmegiň iş ýörediş ýörelgeleriniň we düzgünleriniň bellenilendigi kesgitlenendir. Şu Kodeksiň 6-njy maddasynda administratiw iş ýörelgesiniň esasy wezipeleri: administratiw edaralar bilen gatnaşyklarda kanunyň hökmürowanlygyny, fiziki şahslaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, ýuridiki şahslaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmeklige, döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklarynyň çygrynda fiziki şahslaryň bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklaryny we azatlyklaryny, ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerini goramaklyga, kanunylygyň berkidilmegine, döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklarynyň hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga ýardam etmeklige gönükdirilendigi beýan edilip görkezilipdir.

Beýleki habarlar