Arkadaga alkyş ýagýar çar ýandan

15 Fewral 2021
1354

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Diwanynyň mejlisler zalynda bolup geçen dabaraly duşuşyk «Şöhrat Size, Arkadag — alkyş Size, Arkadag!» diýlip atlandyryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli guralan dabaraly duşuşyga Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky wekilleri, birleşigiň welaýat bölümleriniň ýolbaşçylary, şahsy we köpçülikleýin agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaraly duşuşykda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary Rejep Bazarow çykyş edip, milli Liderimiziň eziz Diýarymyzy ähli babatda bedew bady bilen ösdürmekde alyp barýan beýik işleri hakda giňden durup geçdi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan daşary ýurtly türkmenleriň hem parahat, asuda durmuşy ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer gatnaşyklarda alyp barýan beýik işleri dünýä nusgalykdyr. Bu barada owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň agzasy, şahyr Şirmuhammet Ýeňiş, Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan türkmenleriň medeni merkeziniň ýolbaşçysy Hojamyrat Atamyrat öz çykyşlarynda giňişleýin aýtdylar. Şeýle hem dabaraly duşuşyga gatnaşanlar baky Bitarap Türkmenistanyň günsaýyn artýan halkara abraýy, mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda watandaşlarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak ugrunda alyp barýan ägirt uly işleri dogrusynda buýsançly söhbet etdiler.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar