Sarymsak hakda

11 Fewral 2021
1557

Sarymsak sogandüýplüler maşgalasyna degişli ösümlikdir. Ol kuwwatlylygyň gözbaşy, köp derdiň dermany hasaplanylýar. Onuň dermanlyk häsiýetleri gadym döwürlerden bäri bellidir. Sarymsagyň tebipler we aşpezler tarapyndan giňden ulanylandygy barada gadym golýazmalarda maglumat berilýär.

Sarymsak inçejik gan damarlaryny berkitmekde deňsiz-taýsyz tebigy serişdedir. Ol ýüregiň isleýşine oňaýly täsir edýär, gan damarlardaky dartgynlylygy aýyrýar. Ol garamükür (singa) keseliniň öňüni almakda-da tapylgysyz dermanlyk ösümlikdir. Sarymsagyň düzümindäki allisin gormonlara täsir edip bilýär we gandaky holesterini 10% azaldýar. Şeýle hem onuň uýgunlaşdyryjy häsiýetleri bar.

Taýýarlan : Merjen BERDIÝEWA,
«Adalat».
Beýleki habarlar