Watana şan beren Arkadag!

10 Fewral 2021
1389

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün tutuş dünýä ýüzünde ykdysady kuwwatly, belent şan-şöhratly döwlet hökmünde giňden rowaçlanýar. Halkymyzyň ebedi adyny, baky şöhratyny, synmaz mertebesini dünýä ýaýmak, bäş müň ýyllyk taryhynyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, goňşuçylyk ýaly ýörelgeleriniň has-da rowaçlanmagyna ýardam etmek boýunça beýik işler bolsa hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasynyň, zehininiň, umman deý parasadynyň esasynda amala aşýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni öz halkyna peşgeş bermek bilen, döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda örän gysga döwrüň içinde asyrlara barabar işleri amala aşyrýan we täze maksatly tutumlar bilen bagtyýar geljegi gurýan Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz bilen jebisligi ösüşiň täze belentliklerine barýan nurana ýolda parlak güneş deýin ýalkym saçýar.

Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýen köňül maksadyny doly durmuşa geçirýär. Munuň şeýledigi geçen gysga döwrüň içinde döwletimiziň halkara derejesindäki abraýynyň has-da pugtalanandygynyň, jemgyýetimiziň dünýä derejeli ösüş sepgidini eýeländiginiň mysallarynda hem aýdyň görünýär.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar