Resmi habar

10 Fewral 2021
1136

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli daşary syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we berkitmekde, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini, daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň raýatlarynyň hem-de ýuridik şahslarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakda we ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryny giňeltmekde şahsy goşandyny goşan Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany döredildi hem-de bu nyşan hakyndaky Düzgünnama, nyşanyň ýazgysy we şahadatnamasynyň nusgasy tassyklanyldy.

TDH.

Beýleki habarlar