Sport we ekologiýa: sagdynlygyň sazlaşygy

9 Fewral 2021
2034

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýedigi, beden taýdan taplanmaga ýardam berýändigi, ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen tapawutlanýar.

Gahryman Arkadagymyz «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen dana pähimden ugur alyp, biz — ýaşlara ruhy hem beden kämilliginiň ajaýyp görelde mekdebi bolup durýar. Ýaşlaryň arasynda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sporty bilen gyzyklanýanlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşini sazlaşykly ösdürmäge, bar bolan düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, welosiped sporty bilen giň köpçüligiň meşgullanmagyny ýola goýmaga gönükdirilen «Türkmenistanda 2021−— 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň çäklerinde welosiped sporty yzygiderli ösdürilýär.

Magtymguly SOLTANOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar