Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslenýär, Ýer ýüzünde goldaw tapýar, bu, elbetde, içeri we daşary syýasatymyzyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýandygyndan habar berýär. Berkarar Diýarymyzyň ähli ugurlardaky ösüşleri günbe-günden ýokarlandyrylýar. Aýratyn hem, saglygy goraýyş ulgamynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Hormatly Arkadagymyz halkymyzyň saglygy babatda ägirt uly işleri amala aşyrýar. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyzda döwrüň ösen islegine laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralarynyň, döwrebap hassahanalaryň, keselleri anyklaýyş merkezleriniň onlarçasy gurlup ulanylmaga berildi.
Lukman Arkadagymyz saglyk ulgamynyň ösüşlerine aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby häzirki wagtda lukmançylyk ylmynda, edaralarynda, halkymyzyň arasynda giňden peýdalanylýar. Kitapda tebipçilikde asyrlarboýy üstünlikli ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary jikme-jik beýan edilýär. Bu kitaplaryň okyjylar köpçüligine gowuşmagy asty hem üsti hazyna, çöli-düzi, sährasy, deňzi-derýasy melhemlik ot çöplere baý bolan ata Watanymyza, ene topragymyza buýsanç-söýgimizi has-da artdyrýar. Bu ylmy-ensiklopedik işde topragymyzda bitýän dermanlyk ösümlikleri, olaryň bejerijilik aýratynlygy dogrusynda jikme-jik gürrüň berilýär. Dermanlyk ösümliklerine baý topragymyz sahawatyny bolluk bilen eçilýär. Ýurdumyzyň islendik künjegine barsaň hem gözel tebigatymyzyň ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligine, baýlygyna gözüň düşende ajaýyp tebigatymyza bolan buýsanjyň goşalanýar. Şunda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby biziň her birimiz üçin möhüm gollanma bolup durýar. Kitapda derman ösümlikleriň gurluş aýratynlygy bilen bir hatarda, olaryň suratlary, ulanylyş düzgünleri hem jikme-jik beýan edilýär. Berkarar Diýarymyzyň bereketli topragynda ösýän ähli dermanlyk ösümliklerini we olaryň ähmiýetini bir ýere jemläp, ajaýyp kitaby halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.