Watan waspy dillerde

8 Fewral 2021
1595

Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän kitaplaryň her biri biziň üçin nusgalyk ýol-ýörelge, durmuşyň ruhy binýady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary bagtyýar nesilleri agzybirlik, watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde, watandaşlarymyzy berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda beýik işlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti, berkarar döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, türkmen halkynyň gadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten döwletlilik, ynsanperwerlik, agzybirlik, parahatçylyk ýörelgeleri hakynda çuň manyly gürrüň berýär. Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda döreden durmuş mekdebiniň binýadynda kemala gelendigini nygtamak bilen, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň goşgularyna ýüzlenip, bu barada anyk mysallary getirýär.

Orazsoltan EMINOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar