ASYRLARDAN AŞAN YNAM
Türkmen halky duza, çörege uly sarpa goýýan halk. Bu halkymyzyň ynançlaryna, däp-dessurlaryna we yrymlaryna siňen düşünjelerden hem aýdyň görünýär. Il içinde biri bilen gowy gatnaşykda bolsaň: «Duz-çörekli gatnaşýar» diýlip aýdylýar. Şeýle-de myhmansöýer adama hem «çörekli adam» diýläýmesi bar. Duz-çörek dadyrmagyň birek-birek bilen gowy gatnaşygy ýola goýmakda ähmiýetiniň uludygyna goňşokara däbini asyrlarboýy ýöredip gelýän halkymyz has ir döwürlerden bäri göz ýetiripdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem bu babatda: «Türkmençilikde öz duz iýen ýeriňe ýakmajak işi etmek halanylmaýar. Adamlaryň arasynda özleriniň ýakyndyklaryny nygtamak üçin: «Men onuň bilen kän duz iýişdim» diýilýändir. Sebäbi bile duz iýmek ýagşyňa, ýamanyňa dahylly bolmaga äht etmegi aňladýar» diýlip bellenilýär.