Dogry naharlanmak barada

4 Fewral 2021
2113

Naharyň gyzgynyny sowuk zatlar bilen, süýjüsini turşusy bilen, ýaglysyny duzlusy bilen garyşdyryp naharlanmak saglyk üçin peýdalydyr. Nahar iýeniňizde elmydama şol bir nahara endik edinmäň. Öňüňizde goýlan nahar tutuşlygyna ýagly bolsa, saglyga zyýan ýetirýär. Dürli-dümen iýmitleri köp peýdalanmak gylyk-häsiýetiň, durkuň üýtgemegine täsir edýär. Süýji zatlary aşa köp iýmezlik saglyk üçin has ähmiýetlidir. Gereginden az iýmäge endik etseň, ol keýpiňi gaçyrar we ýaltalygy döreder. Süýji tagamlara endik etseň, keýpiňi göterip, bedeniňi gyzdyrýar, süňňi gyzgyn adamlar bolsa şadyýan, ruhubelent hem dogumly bolýar. Turşy zatlaryň köp iýilmegi süňňüň tiz garramagyna getirýär. Duzly zatlar bedeni guradýar, onuň aşa köp iýilmegi tapdan gaçyrýar. Üznüksiz berhiz tutmak süňňüňi sökýär we mejalsyz edýär. Nahary endige, düzgüne görä wagtly-wagtynda edinmek saglyk üçin peýdalydyr.

Nahar iýeniňizde aşgazany üçe bölmeli: iýmit üçin, suw üçin we dem üçin, ýagny dem alara ýer goýmalydyr. Aşa gyzgyn naharlary we çüýrän miweleri iýmekden saklanyň.

Beýleki habarlar