Hemaýata gurşalan gözellik

4 Fewral 2021
1736

Lukman Arkadagymyzyň tans toparlarymyzyň saglygy, taýýarlyklaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin döwrebap tans örtügini alyp bermegi biz üçin bahasyz sowgat boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň sungat ussatlary üçin döredýän mümkinçilikleri milli tans sungatymyzyň ösmegine has-da itergi berdi. Ine, ýaňy-ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň tans toparlaryna Germaniýada öndürilen, ýedi gatly ýörite tans örtüklerini sowgat berdi. Bu alada tansçylary täzeden-täze tans, folklor eserlerini goýmaga, döredijilikli zähmet çekmäge has-da ruhlandyrdy. Biz hem mähriban Prezidentimiziň şeýle atalyk aladalary, sowgat berlen täze tans örtüginiň aýratynlyklary we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli taýýarlaýan toý sowgatlary dogrusynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň «Laçyn» tans-saz, folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýsa Eminowanyň beren gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Söhbetdeş bolan Ýazbibi ANNAGURBANOWA,
«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar