Kelem—tebigatyň sowgady

4 Fewral 2021
1832

Kelem saglyk üçin diýseň peýdaly önümleriň hataryna girýär. Bize çagalygymyzdan tanyş bolan bu önümde beden üçin zerur bolan ähli witaminler — A, C, B1, B2, B3, B6, K, hatda aşgazanyň näsazlyklaryny bejermekde diýseň ähmiýetli U witamini, fitonsidler, fermentler, mineral maddalary bar. Ter kelemden taýýarlanan işdäaçarlar, onuň duza ýatyrylan görnüşi-de özüniň peýdaly taraplaryny tutuşlygyna diýen ýaly saklap galýar.

Kelem ilki Gadymy Müsürde ýetişdirilipdir. Ol döwürler keleme aňrybaş hödür hökmünde garalyp, ony diňe barjamly adamlara nahardan soň üýtgeşik tagam hökmünde hödür edipdirler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Gülşirin ATAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar