Sanly bilim — ösüşiň esasy şerti

3 Fewral 2021
2352

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemeginde ylym-bilim ulgamyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda biziň gündelik durmuşymyzda sanly ulgama, sanly tehnologiýalara uly orun degişlidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýakyn geljekde sanly ykdysadyýete geçmekde, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.

Aman HOJALYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar