Zehin bilen yhlasyň sazlaşygynda taplanan türgen

3 Fewral 2021
1919

Paýtagtymyzdaky 2-nji sport mekdebiniň kikboksing bölüminiň ezber tälimçisi Orazmuhammet Kömekowyň sport älemindäki zähmet ýoly, bu ugurda gazanan üstünlikleri, köp sanly türgenler bilen düşünişmek ukyby häzirki ýaş tälimçilerimiz üçin nusga alarlyk mekdepdir. Ine, biziň şu makalamyz hem, şol nusgalyk ýörelgäniň syrlaryny okyjylar köpçüligine sada dilde ýetirmäge bolan synanyşykdyr.

Orazmuhammet 1993-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Kerim Gurbannepesow adyndaky 52-nji orta mekdebinde 1-nji synpa okuwa barýar. Mekdepden uzakda bolmadyk bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda geçirilýän türgenleşikler eýýäm şol wagtlardan başlap onuň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolýar. Kikboksing ussadynyň öz ýatlamagyna görä, ol her gün diýen ýaly mekdepdäki uly arakesmede ylgap, şol türgenleşikleri görmäge gider ekeni. Onuň yhlasyna görä, mekdepdäki uly arakesme karate boýunça geçirilýän türgenleşikleriň wagty bilen gabat gelipdir. Şeýlelikde, Orazmuhammediň çaga kalbynda karate bilen meşgullanmak höwesi möwç urýar. Ol bu islegini kakasyna aýan edýär we tiz wagtdan maşgalabaşy Dörtguly aga perzendini «Demirýolçy» bedenterbiýe-sagaldyş toplumyna alyp barýar. Bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Arif Buharakow karate türgenleşiklerini alyp barýardy. Orazmuhammet hem ýaş karateçileriň hataryna goşulýar. Edil şol wagtlar toplumda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snogowiskiý hem kikboksing boýunça türgenleşikleri alyp barýardy. Kikboksçylaryň el-aýak urgulary, türgenleşikleri ýaş karateçiniň göwnüne hoş ýakýar we ol tiz wagtdan Snogowiskiniň toparyna gatnap başlaýar. Egsilmez isleg-hyjuw Orazmuhammediň Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Dörtguly Tejenowyň (dzýudo), Ylýas Nepesowyň (erkin göreş) şol toplumda alyp barýan türgenleşik toparlaryna hem gatnaşmagyna getirýär. Emma haýsy görnüş bilen meşgullansa-da, ol hiç wagt kikboks boýunça türgenleşiklerini sypdyrmaýar. Şeýlelikde, paýtagtly ýaş oglanyň kalbynda ymykly orun tutan isleg-arzuwlar indi täsin tilsimlere baý, merdanalygy ösdürýän türgenleşikleriň netijesinde gunçalap, gül açyp başlaýar.

Muhammet ATAÝEW,
«Esger».
Beýleki habarlar