Saglygy goraýşyň belentliklerine tarap

3 Fewral 2021
1292

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ýurdumyzy uly ösüşlere we özgertmelere alyp barýar. Bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň dabaralara beslenjekdigi, biz — saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň kalplaryny hem buýsançly duýgulara gaplaýar. Ýurt derejesinde gazanylýan üstünlikler barada söhbet edilende, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen datly miweleri, bitirilen işler, hususan-da, saglygy goraýyş ulgamyndaky möhüm wezipeleriň amal edilişi dogrusynda giňişleýin söhbet etmek has-da ýakymly. Sebäbi dürli pudaklardaky döredilen döwrebap şertleriň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hem gazanylan ägirt uly ösüşleriň aýdyň netijelerini halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine uýmak bilen, mähriban Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we üns-aladalary netijesinde abadan durmuşda ýaşaýandygyndan hem görmek bolýar.

Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde hormatly Prezidentimiziň 12 jiltden ybarat «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaby çap edilip, bütin dünýäde uly gyzyklanma eýe boldy. Bu ajaýyp kitap, saglygy goraýyş ulgamy üçin milli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerinde hem talyplara ýörite öwredilýär.

Baýramgeldi HOJAGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň professory.
Beýleki habarlar