Ahal welaýat gümrükhanasynyň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli geçirilen maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, welaýat kazyýeti hem-de welaýat gümrükhanasy bilelikde gurady. Oňa işçi gullukçylar gatnaşdy.
Maslahatda çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Çykyş edenler 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu şygaryň gözbaşynda türkmen halkynyň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyza,