Ýaşlar we milli terbiýe

1 Fewral 2021
1265

Ata Watanymyzyň, bagtyýar raýatlarymyzyň geljeginiň has-da nurana bolmagy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň düýp özeninde adam hakyndaky alada esasy orny eýeleýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, olaryň milli ýörelgeler esasynda terbiýelenmegi we döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi, dürli ugurlarda gazanýan şahsy üstünlikleri bilen ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklary üçin giň ýollary açyp berýän milli Liderimiz ýaş nesilleriň milli buýsanç ruhunda terbiýelenmegi babatda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde uly wezipeleri goýýar.

Ýaşlarda medeni mirasymyza hormat, gözel Diýarymyza söýgi, halkymyzyň şanly taryhyna buýsanç duýgularyny döretmek milli terbiýäniň esasy ugurlary hasaplanýar. Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli däp-dessurlarymyz, ruhy-ahlak ýörelgelerimiz ýaş nesillerimizde oňyn durmuş endiklerini terbiýeleýär.

Kerwen ÖWEZGULYÝEW,
TMÝG-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap geňeşiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar