Meşhurlyga öwrülen meýdança

1 Fewral 2021
2884

Çagalaryň oýun meýdançalary körpeleriň wagtlaryny şadyýan geçirmäge, ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge uly ýardam edýär. Çagalar üçin niýetlenen ilkinji oýun meýdançasy haçan we nirede döredildikä? Bu barada bilmek, megerem, hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.

Çagalaryň oýun meýdançasyny döretmek pikiri ilki bilen Germaniýada döreýär. Germaniýanyň mekdeplerinde sapaklary has-da gyzgalaňly alyp barmak maksady bilen irki döwürlerde çagalaryň oýun meýdançalarynda ulanylan enjamlaryň birnäçesi peýdalanylýar. Çagalaryň ilkinji oýun meýdançasy 1859-njy ýylda Angliýanyň Mançester şäherinde döredilýär. XX asyryň başlarynda çagalar üçin niýetlenen meýdançalar ABŞ-nyň seýilgählerinde peýda bolýar. Wagtyň geçmegi bilen bu meýdança dünýäniň ähli künjeginde döredilýär. Şeýle meýdançalar seýilgähler bilen bir hatarda, umumybilim berýän orta mekdepleriň çäklerinde gurulýar. Oýun meýdançalary mugallymlar tarapyndan çagalaryň geçen sapaklaryny özleşdirmekde hem-de täze mowzugy oýunlaryň üsti bilen olara aňsatlyk bilen düşündirmekde ulanypdyrlar.

Beýleki habarlar