Gymmatly baýlyk

31 Ýanwar 2021
1620

Türkmen terbiýä aýratyn üns berýän halk. Her bir maşgalada terbiýäniň gözbaşy hökmünde ata-babalarymyzdan galan ar-namyslylyk, mertlik, edep-ekramlylyk, mylaýymlyk, asyllylyk, wepalylyk ýaly ýörelgelerden ugur alynýar.

Perzent terbiýesinde ene-atanyň wezipesi uludyr. Häzirki wagtda çaga terbiýesi iň möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Dünýämiziň barha özgerýän döwründe çaga terbiýesine aýratyn üns berýäris. Häzir çagalaryň kompýuterleri bilmegi möhümdir. Bu olaryň dünýägaraýşynyň tiz ösmegine oňat ýardam edýär. Şonuň bilen bir hatarda çagalara milli ýörelgeleri öwretmek mugallymlaryň jana-jan borjudyr. Milli ýörelgelerimizde ylym-bilimli bolmak, kitap okamagy endik edinmek ýaly asylly ugurlar bar. Bu babatda ýaşlara yzygiderli aýdyp durmak, olara görelde bolmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Şunda ata-eneleriň aýratyn ornunyň bardygyny hem bellemek gerek. Sebäbi, ata-eneler çagalar üçin görelde mekdebidir.

Ogulgerek NURJANOWA,
Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar