Sähra gämisi

31 Ýanwar 2021
3386

Il arasynda «Düýe malym — dünýe malym» diýilýär. Munuň özeninde düýäniň süýdüniň, ýüňüniň jana şypa beriji melhemdigi, peýdalydygy barasyndaky hakykat bar. Biz hem düýe süýdüniň ähmiýeti, dermanlyk häsiýetleri dogrusynda belläp geçmegi müwessa bildik.

Düýeleriň süýt önümlerini hem-de düýe süýdüniň we çalynyň hilini öwrenmek bilen meşgullanan türkmen alymlary düýeleriň süýtlüliginiň ýokarydygyny hem-de düýe süýdünde adam saglygy üçin zerur, ýokumly maddalaryň we keselleri bejerijilik häsiýetleriniň bardygyny tassyklapdyrlar. Türkmeniň bir örküçli arwana düýesi beýleki tohumlardan bolan düýeleriň arasynda has-da süýtli düýe hasaplanylýar. Alymlaryň geçiren ylmy-barlaglarynyň netijeleri düýäniň bir gije-gündizde berýän süýdüniň orta hasapdan 7 — 8 litre barabar bolýandygyny görkezýär. Ene düýeleri 18 — 20 aýa çenli döwrüň dowamynda sagýarlar we şu döwrüň içinde bir düýe 2800 — 3000 litr süýt berýär diýlip tassyklanylýar.

Ylýas AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndakyinžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar