«Akyl oýnunyň» 4 gezek çempiony (Siziň deň-duşuňyz)

29 Ýanwar 2021
2083

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri buýsançly, taryhy wakalara beslenip, ýaş nesillerimize hem şatlykly duýgulary bagyş etdi. Ýurdumyzyň birnäçe zehinli çagalary Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp boldular. Şolaryň biri-de Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internatyň 9-njy synp okuwçysy Selbinýaz Jumaýewadyr.

Selbinýaz bu baýraga sportuň düzzüm görnüşi boýunça birnäçe baýrakly orunlara mynasyp bolandygy, Watanymyzyň sport abraýyny ösdürmekde goşan goşandy üçin ýetdi. Aslynda, Selbinýaza sportuň bu görnüşi bilen özüni bilip başlandan bäri tanyş diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Olaryň tutuş maşgalasy sportuň muşdaklary, sportuň ussatlary. Bu ýagdaý kiçijek Selbinýazjygy hem biparh goýman, onda sporta bolan uly höwesi döredýär. Ol eýýäm 5 ýaşynda mahaly türkmen milli oýny bolan düzzüm oýnuny ymykly ele alýar. Şeýdibem 4-nji synpda Türkmenabat şäherindäki 13-nji küşt we şaşka boýunça ýöriteleşdirilen sport mekdebine gatnap başlaýar we bu ugurda ýokary derejede tejribe toplaýar. «Sportuň bu görnüşi beýnimiziň işjeňligini, ýatkeşligimizi artdyrmaga örän peýdaly» diýýän Selbinýazyň halypasy hem-de atasy Kamyljan Babanyýazow bize şeýle gürrüň berdi:

Maral AKMYRADOWA,
«Nesil».
Beýleki habarlar