Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyranda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belläp, şu mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşiginiň guralmalydygyny aýtdy. Bu şatlykly habar ýurdumyzyň her bir döredijilik işgäriniň göwün guşuny göge uçurdy. Bu joşgun täze-täze eserleriň döremegine badalga boldy.
Saňa salam berýäs säher çagynda,
Köňüller seýl edýär dostluk bagynda,
Ýaşaýşyň ýalkymy ýaşyl Tugumda,
Arkadagyň şa tagty sen, Aşgabat,
Dünýä dolan ak bagty sen, Aşgabat!