Asylly görelde — terbiýe mekdebi

28 Ýanwar 2021
1618

Durmuşa bezeg berip, ynsany ruhy taýdan kämillige atarýan ilkinji ädim bilim-terbiýeden başlanýar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda bir ajaýyp rowaýat bar: «Ir zamanlar bir adam dananyň ýanyna maslahata barypdyr.

—Dana, meniň ähli baýlygym bar. Okadym, her dürli tälimleri, hünärleri öwrendim. Ummasyz köp baýlyk topladym. Garaz, göwnümde arman galar ýaly bolmady. Indi özümden soňky nesillere iň gymmatly baýlygymy miras galdyrasym gelýär — diýipdir. Özüniň näçe hazyna, mal-mülk we başga-da nämeleri miras galdyrsa, islegini doly amal edip biljekdigini ondan sorapdyr. Şonda dana: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýededir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň bahasy ýokdur» diýipdir». Ine, şu rowaýatdan hem görnüşi ýaly, mynasyp terbiýelenen nesil biziň ýüzümiziň tuwagy bolup, üstünlikleri bilen begendirýär.

Maral MYRADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar