Arassaçylyk — saglygyň girewi

27 Ýanwar 2021
1279

Elleriň arassaçylygy köp keselleriň öňüni almakda esasy usullaryň biri bolup durýar. Elleri nahardan öň, daşardan ýa-da işden geleniňizden, öý-hojalyk işlerini bitireniňizden soň hökmany ýagdaýda ýuwmalydyr. Hapa elleriň üsti bilen ýiti respirator wirus keselleri geçip bilýär. Özüňizi goramaly, agyz-burun örtüklerini dakynmaly, adamlar bilen gatnaşyklaryňyzda howpsuz 2 metr araçägi saklamaly, arassaçylygy berjaý etmeli, çygly süpürgiçleri köpräk ulanmaly. Iýmit önümleriniň saklanyşyna üns bermeli. Bedeniň immun ulgamyny berkitmeli, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaly, wagtly-wagtynda dynç almaly, dogry iýmitlenmeli we fiziki maşklar bilen yzygiderli meşgullanmaly. Bellenilişi ýaly, el ýuwujy serişdeleriniň oýlanyp tapylmazyndan ozal, adamlar dürli otlardan ýasalan melhemleri ulanypdyrlar. Bu serişdeler derini gowy tämizläp, ýakymly hoşboý yslary berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýurdumyzda bitýän melhemlik ösümlikleriň arasynda köp keselleri bejermekde ulanylýan üzärlik, süýji buýan köki barada gymmatly maglumatlar bar. Bu ösümliklerden taýýarlanylýan melhemleri ulanmak maslahat berilýär. Elleri birnäçe sekuntlap ýuwujy serişde bilen ýuwup, akar suwda durlamaly. Bu ýagdaýy günüň dowamynda yzygiderli gaýtalamaly. Eger elleriňizi ýuwmaga mümkinçilik bolmasa, bu ýagdaýda antiseptiklerden peýdalanmaly. Antiseptikler wiruslary zyýansyzlandyrýar. 

Maral KAKYŞOWA,
Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň 2-nji Trawmatologiýa bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar