Parahatçylygyň we asudalygyň binýady

27 Ýanwar 2021
1445

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwletimiz özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlyk ýaly ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgeleri halkara giňişliginde dabaralandyrmak arkaly sebitde we dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy wagyz edýär. Garaşsyz döwletimiz öz garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramak maksady bilen 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini döretdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda: «Döwlet Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goraýar, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün edýär» diýlip berkidilendir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasy parahatçylyk söýüji daşary syýasaty ýöredýän Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän ýörelgeleriň, maksatlaryň we wezipeleriň döwlet derejesinde resmi taýdan kabul edilen ulgamy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň döwrüň ýüze çykarýan köp meselelerini parahatçylykly, ylalaşykly ýol bilen çözmäge gönükdirilýändigi diňe bir biziň döwletimiz üçin däl-de, sebitiň, dünýäniň döwletleri üçin hem bähbitli bolup, munuň özi ýurdumyzyň baky Bitaraplyk derejesiniň jemgyýetiň öňünde durýan wezipelerini amal etmekde möhüm ähmiýetli, halkara derejeli syýasy gural hökmünde içeri we daşary syýasatda ýerlikli, işjeň ulanylmagynda has äşgär duýulýar.

Resulberdi Mämmedow,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiň başlygy.
Beýleki habarlar