Ata-babalarymyz rowaýatdyr hekaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen perzentlerine edep öwredipdirler. Suwy bir demde däl-de, bölüp-bölüp içmek bilen baglanyşykly ýörgünli rowaýat hem il arasynda nesilden-nesle geçip gelýär.
Rowaýatda aýdylyşyna görä, gadym zamanlarda emeldarlaryň biri dost-ýarlary bilen awa-şikara çykanmyş. Olar ýadap, örän suwsapdyrlar. Bir çopanyň goşuna baryp, suw sorapdyrlar. Çopanyň paýhasly aýaly bar eken. Ol buz ýaly çaldan doly jamy emeldara uzadypdyr. Ýöne çalyň içine sypal böleklerini taşlapdyr. Emeldar çaly içip duran wagty sypal bölekleri agzyna golaý gelende üfleýär ekeni. Emeldar şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan üfläp içip, suwsuzlygyny gandyrýar. Beýleki dostlary hem şeýle edýärler. Soň emeldar çopanyň aýalyndan: «Näme üçin çala sypal atdyň?» diýip soraýar. Onda ol akylly aýal: «Siz örän suwsap geldiňiz, eger men içine sypal atmadyk bolsam, onda siz çaly çalt-çalt içerdiňiz, onsoň çişerdiňiz, men sypal atdym weli, siz üfläp-üfläp haýallyk bilen içdiňiz, saglygyňyza zyýan ýetirmediňiz. Suwsanyňda çal içseňem, suw içseňem, bölüp-bölüp içmelidir» diýýär. Emeldar çopanyň aýalynyň ýiti pähimine haýran galypdyr.