Bagşynyň döredijiligine siňen dost-doganlyk aýdym-sazlary

27 Ýanwar 2021
1597

Türkmenistanyň halk bagşysy Nobat bagşy Amansähet ogly türkmen saz sungatynyň görnükli wekilleriniň biri hökmünde tanalýar. Onuň döredijiligi hakynda gürrüň edilende bu ussat bagşynyň azerbaýjan halk saz sungatyndan hem baş çykarandygy barada ýatladylyp geçilýär. Ýöne bu sungatyň ussat bagşynyň saz döredijiligine nähili ýagdaýlar bilen geçendigi hakynda welin maglumat az berilýär. Şundan ugur alyp, biz şu makalada bu mesele bilen dahylly, bize mälim bolan maglumatlary okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik.

ХIХ asyryň ahyrlarynda demir ýoluň Tagtabazar etrabynyň üsti bilen Serhedabada (öňki Guşgy) baryp ýetmegi bilen, Tagtabazar etrabynyň merkezine dürli milletleriň wekilleri göçip barypdyrlar. Şolaryň arasynda azerbaýjan bilen ermeni milletleriň wekilleri hem bar ekeni. Şol ýyllarda häzirki etrap keselhanasy bilen sazçylyk mekdebiniň ýerleşýän ýerinde Nobat bagşynyň kakasy Amansähet bagşynyň kerwensaraýy bar ekeni.

Garýagdy SARYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy
Beýleki habarlar