Kadaly iýmitlenmek

26 Ýanwar 2021
1404

Talabalaýyk iýmitlenmegiň ynsan saglygyna oňyn täsirini ýetirişi ýaly, gyşyň häzirki aýazly günlerinde pasla görä geýinmek hem kesellerden goranmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şoňa görä, öýden çykanyňyzda ýyly geýinseňiz, agyz-burun örtüklerini dakynsaňyz, ähli ýerde 2 metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklasaňyz janyňyz elmydama sagat bolar.

Saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmekdedir. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki we ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş we täzeleniş, ýagny madda çalşygynyň düzgünleri bozulýar. Onuň netijesinde bolsa, bedeniň sazlaşykly işjeňligi bozulýar. Iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar, sebäbi dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalary — gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär.

Kümüş NEPESOWA,
Aşgabat şäheriniň 3-nji saglyk öýüniň baş lukmanynyň orunbasary.
Beýleki habarlar