Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Ajaýyp döwürde mukaddes borjy harby kasama laýyklykda ak ýürek bilen ýerine ýetirip, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durmak, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine goşant goşmak uly bagtdyr, belent mertebedir.
Watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde ýurt goragynyň mukaddesdigi, oňa gulluk etmegiň belent mertebedigi, harby kasama ygrarlylygyň, wepalylygyň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň türkmen ýigitlerine mahsus häsiýetlerdigi nygtalýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Watan goragçylaryna Watana wepalylygyň ajaýyp göreldesini görkezýär.