Alkyşlanýar adyň seniň

25 Ýanwar 2021
1441

Bagban — ilkinji gezek näzijek nahallary ýere sünjende, ol kök urýar, şineleýär. Aýlaryň, ýyllaryň geçmegi bilen hälki näzijek nahaljyklar ullakan daragt bolup ýetişýär, miwe getirýär. Muňa bagban diýseň begenýär, guwanýar. Ol neneň begenmesin, neneň guwanmasyn. Bagban bu nahaljyklary kemala getirjek bolup, gör, nähili azaplar, kynçylyklar çekdi. Olary çaga ideden ýaly idedip, gijesini gündiz edip işledi. Düýbüni depdi, suwa ýakdy, dökünledi, timarlady. Ine, onuň yhlas, zähmet siňdirip ýetişdiren nahallary-da bu gün miwe berdi. Bu süýji miweden dadan her bir kişi oňa: „«Eliň-gözüň dert görmesin. Kesbiňden kemal tap, gör, sen il-gün üçin nähili datly miweler ýetişdirip, ähli töweregi bagy-bossanlyga öwürdiň. Ömrüň uzak bolsun, bagban!» diýip, ýürek minnetdarlygyny bildirjegi ikuçsyz.

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle döwrebap bilim bermek, olary watançylyk, beýik ahlaklylyk ruhunda, milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek meselesine uly üns berýär.

Beýleki habarlar