Çagalara ekologiýa terbiýesini bermegiň usulyýeti

24 Ýanwar 2021
2026

Çagalarda ýaşlykdan tebigata bolan söýgini döretmek maksady bilen, çagalar baglarynda «Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak» sapagy geçilýär. Bu sapagyň okuw maksatnamasynda körpe nesli daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak, daşky gurşawy goramagy öwretmek örän wajyp wezipeleriň biri hökmünde görkezilýär. Daşky gurşawy goramagy öwretmek ekologik terbiýäni bermegiň özenidir. Terbiýäniň bu görnüşi terbiýeçilik işiniň beýleki ugurlary bilen baglanyşyp gidýär.

Mekdebe çenli ýaşly çagalara ekologiýa terbiýesini bermek, olary daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak çagalar baglarynyň işiniň esasy düzüm bölegidir. Ekologiýa taýdan sowatly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin maşgala bilen çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň bilelikde alyp barýan işi oňyn netije berýär. Çaganyň terbiýesinde maşgalada ata-eneleriň, uly ýaşly doganlarynyň orny hem uludyr. Çagalar bagynyň terbiýeçisi ýurduň geljegi bolan ýaş nesillerde irki ýaşdan başlap, ekologiýa düşünjäni kemala getirmelidirler. Terbiýeleýän çagalarynyň her biriniň maşgalasynyň aýratynlygyny we mümkinçiliklerini öwrenip, çagalaryň ata-enelerine ýakyn kömekçiler bolup ýetişmeklerine ýardam etmelidirler.

Oguldöndi GYLYJOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar