Hazar deňziniň baýlygy halklaryň bähbidine

23 Ýanwar 2021
1926

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uly dabaralara beslenjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde bolup geçýän taryhy wakalar ýatdan çykmajak täsirleri bilen kalbymyzda baky orun alýar. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar. Özara bähbitli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giň gerimde ösdürýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde milli Liderimiziň juda öňdengörüjilik bilen öňe sürýän başlangyçlary hyzmatdaş ýurtlaryň, şeýle hem tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösüşe eýe bolmagyna ýardam edýär.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy hem hormatly Prezidentimiziň dostluga hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ynsanperwer syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi. Indi Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň ýangyç çig mal serişdelerini özleşdirmek işleri azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Munuň özi Hazar deňziniň sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde, goňşy ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda dost-doganlyk deňzi bolup durýandygynyň güwäsidir.

Parça HYDYROWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar