Ylym-bilim — beýik daragt

22 Ýanwar 2021
1888

Ylym-bilim ýolumyza şugla saçýan uly daragt. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Diýarymyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we onuň ornuny pugtalandyrmak, ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini işe ornaşdyrmak üçin hemme şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr» diýip belleýşi ýaly, mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge berýän uly ünsi netijesinde ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen maglumatlaryň dünýä gaznasyna ýokary tizlikli elýeterlilik giňden ornaşdyrylýar.

Arslan GARAGÖZOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar