Gözel gölleriň öwüşgini

20 Ýanwar 2021
2058

Türkmen halysy gözellik dünýäsi. Onda türkmen tebigatynyň gül-gülälekli ýaýlasy, dag-deresi, jülgeleri, baglary al-elwan reňkleriň üsti bilen şöhlelendirilýär. Türkmen halysynyň taýsyz gözelligi hakdaky oý-pikirler bilen «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýine ýetenimi duýman galypdyryn. Paýtagtymyza aýratyn ýaraşyk berip duran muzeý bäş bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde has gadymy halylar we haly önümleri ýerleşdirilipdir.

Muzeýiň ikinji bölüminde Balkan, Ahal we Daşoguz welaýatlaryna mahsus bolan halylar bezeýär. Üçünji bölümde özüniň ajaýyp görki bilen haýrana goýýan äpet halylar gözüňi dokundyrýar. Dördünji bölümde Mary we Lebap welaýatlarynyň halylary, bäşinji bölüm bolsa «Galkynyş» diýip atlandyrylyp, ene-mamalarymyzdan gelýän däpleri dowam etdirip, ajap zamanamyzda täze-täze nagyşlar bilen baýlaşdyrylan halylar ýerleşdirilipdir.

Atamyrat ÖWEZOW,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar