Geljegimiziň binýady

20 Ýanwar 2021
1660

«Biz geljegimiz bolan ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy üçin hem ähli şertleri döredýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtap aýdýar. Hawa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalarymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmaga, olara kämil edep-terbiýe, bilim bermäge jemgyýetimizi we döwletimizi ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler bolsa, ilki bilen, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrüň ösen talaplarynyň derejesinde guramakdan gözbaş alýar.

Öňümizde durýan belent wezipä doly düşünmek bilen, biz okuw-terbiýeçilik işlerini Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryndan hem-de taýsyz taglymatlaryndan ugur alyp guraýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan beýik ösüşler, şeýle hem agzybirlik, dost-doganlyk, bagtyýar çagalyk hakyndaky düşünjeler çagalar bagymyzda guralýan sapaklaryň, geçirilýän köpçülik çäreleriniň esasy mazmunyny kesgitleýär.

Swetlana BAÝRAMOWA,
Balkanabat şäherindäki 37-nji çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar