Medeni gymmatlyklaryň hukuk goraglylygy

20 Ýanwar 2021
2356

Medeni mirasy goramak meselesi toplumlaýyn häsiýete eýedir. Taryhy-medeni mirasy goramagyň konstitusion hukuk kadalary hem-de bu ugurdaky kanunlaryň düzgünleri medeni gymmatlyklary ýüze çykarmagyň, gorap saklamagyň kadalaryny hem-de düzgünlerini özünde jemleýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi arkaly durmuşa geçirilýär. Şeýle namalaryň biri-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan taryhy, arheologik, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy landşaft desgalarynyň gorag zolaklaryny bellemegiň tertibi bilen baglanyşykly resminamadyr.

Onda ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň goragyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler öz beýanyny tapýar. Munuň üstüni ýetiren möhüm ähmiýetli hukuk namalarynyň ýene-de biri hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goragyny üpjün etmegiň meseleleri hakynda» Kararydyr. Bu resminama ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda gözegçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Kararyň 1-nji bendine laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli we şahsy taraplar ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ylalaşyklylykda amala aşyrmalydyrlar.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar