Halkymyzyň döwletlilik ýörelgesi

19 Ýanwar 2021
1799

Düýn Türkmenistanyň Mejlisiniň guramagynda ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda «Parahatçylyk we ynanyşmak türkmeniň döwletlilik ýörelgesidir» atly maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, deputatlar, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, «Türkmendemirýollary» agentliginiň hünärmenleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna eýe bolan 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, turuwbaşdan, taryhy wakalara, dünýä ýaň salan beýik işlere beslenýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamlarynyň açylmagy hem munuň anyk subutnamalary boldy. Bu taryhy wakalaryň ählisiniň özeninde bolsa, ilkinji nobatda, adam hakdaky aladanyň durandygy açyk-aýdyň duýulýar. Sahawatly türkmen topragyndan uzaýan bu dostluk ýollary, röwşenlik paýlaýan elektrik geçirijileri, optiki-süýümli halkara aragatnaşyk we üstaşyr akymlary doganlyk owgan halkyna nur, rysgal-bereket bolup dolýar.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar