Dümew we oňa garşy göreş çäreleri

18 Ýanwar 2021
1871

Dümew dünýäde iň bir ýaýran keselleriň biri bolup, ol köplenç howanyň çalyşýan döwürlerinde — güýzde, gyşda we ir baharda ýüze çykýar. Muňa bu döwürde adamyň bedeniniň gowşamagy, pyýada az ýörelmegi, sowuk howadan dem almagyň ýygylaşmagy, howanyň öwzaýyna seredilmän, ýeňil geýnilmegi zerarly käbir agzalaryň sowuklamagy sebäp bolýar. Asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy dümewlemäniň ilkinji alamatlarydyr. Näsagyň kellesi agyrýar, gözi ýaşarýar, endam-jany owum-döwüm bolup üşedýär, işdäsi kemelýär. Şeýle alamatlar ýüze çykanda hökmany ýagdaýda maşgala lukmanyny öýe çagyrmaly we onuň maslahatlaryny doly berjaý etmeli. Dümew näsaglygyň ilkinji günlerinden başlap, asgyrylanda, üsgürilende, gürleşilende tüýkülik arkaly sag adamlara geçip bilýär. Hiç haçan keseli aýak üstünde geçirmek bolmaýar. Näsag bedeniniň gyzgyny kadalaşýança düşekde ýatmaly. Eger şu talap berjaý edilmese, onuň dürli gaýraüzülmelere, garaşylmadyk täze howply dertlere duçar bolmagy mümkin.

Möwlamberdi ORAZOW,
Görogly etrap hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar